“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň sekiz aýynda durmuş-ykdysady ösüşimizde gazanylan netijeler ykdysady strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň dogry kesgitlenenliginden habar berýär. Şu döwürde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň 11,4 göterim artmagy ýurdumyzda ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak, senagatlaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň oňyn netijeleridir.
Özgerişlikler ykdysady ösüşiň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şol sebäpli bolup geçýän özgerişlikleriň ykdysadyýete edýän ýaramaz täsiriniň öňüni almaga gönükdirilen syýasatyň yzygiderli amala aşyrylmagyna zerurlyk döreýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysady ulgamy dünýäde emele gelen täze ösüş meýillerinden ugur alyp, döwrebaplaşdyrmak strategiýasy öňegidişlikli ösüşi kepillendirmegiň möhüm şertleriniň biridir.
Häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaýlar milli ykdysadyýetleriň ösüşine täsirini ýetirmek bilen, ol her döwletiň ösüşiň amatly nusgasyny gözlemek meseleleriniň wajyplygyny artdyrýar. Ýurtda jemlenen içerki mümkinçilikleri ösüşiň hatyrasyna ulanmak bilen bagly çemeleşmäniň durmuşa geçirilmegi dünýä ösüşiniň ýönekeý bolmadyk häzirki şertlerinde özüniň netijeliligini görkezýär.
Bu gün Türkmenistan halkara giňişlikde durmuş derejeli döwlet hökmünde tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuş ulgamynda amala aşyrylýan iri özgertmeler adamlaryň hal-ýagdaýlaryny mundan beýläk-de gowulandyrmaga, ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Ýanwar-awgust aýlarynda Döwlet býujetiniň çykdajylar böleginiň jemi serişdeleriniň 80,9 göteriminiň durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirilmegi muny aýdyň tassyklamak bilen, ýurdumyzyň dürli sebitlerinde, etraplarynda we obalarynda täze çagalar baglarydyr mekdepleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurlandygyna, täze awtomobil we demir ýollaryň çekilendigine hem-de bu işleriň dowam etdirilýändigine güwä geçýär.
Gurmak, döretmek - bu milli aňyýetimizde köpçülik tarapyndan makullanylýan, oňlanylýan iş. Halk tarapyndan oňlanylýan işde berekedem bar, hemaýatam. Diňe ykdysady taýdan gurply döwletiň gurujylyk kuwwatynyň ýokary bolýandygyny ýurdumyz bu gün bütin dünýä äşgar edýär. Ykdysadyýetimiziň maddy binýadynyň berkligi täze önümçilik taslamalaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberiniň, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 7,5 göterim artmagy täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmekde, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda, durmuş maksatly binalary gurmakda uly işleriň amala aşyrylandygyny görkezýär.
Häzirki döwürde bäsdeşlik artykmaçlyklary ýokary bolan pudaklaryň mümkinçiliklerini ykdysady ösüşiň çeşmesine öwürmek dünýä tejribesinde giňden ulanylýan çemeleşmeleriň biridir. Bu, ilkinji nobatda, önümiň özüne düşýän gymmatynyň pesdigi, önüm öndürmek üçin zerur bolan çig mal we zähmet serişdeleriniň ýurtda ýeterlik mukdarda jemlenendigi bilen şertlenendir. Şunuň bilen baglylykda, Hökümet mejlisinde nebitgaz, himiýa, dokma we gurluşyk senagaty pudaklarynyň önümçilik kuwwatyny, girdejilerini mundan beýläk-de artdyrmak boýunça seljerme işlerini geçirmegiň wajyplygyna aýratyn ünsüň çekilmegi, öz gezeginde, bu pudaklaryň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak babatynda entek ulanylmadyk mümkinçilikleriň bardygynyň aýdyň beýany bolup durýar.
Milli ykdysadyýetimiziň senagat kuwwatyny artdyrmak ugrunda amala aşyrylýan işler gurluşyk, dokma, gaýtadan işleýän senagat pudaklary bilen bir hatarda, himiýa kärhanalarynyň uly depginde ösmegine getirdi. Şu ýylyň sekiz aýynyň jemleri boýunça «Türkmenhimiýa» döwlet korserni tarapyndan önüm öndürmegiň we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasynyň 179,1 göterim berjaý edilmegi munuň anyk mysalydyr.
Häzirki döwürde himiýa senagatyna degişli kärhanalaryň kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak barada öňde goýlan wezipeler ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmekde, bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda bu pudagyň näderejede wajyp orun eýeleýändigini görkezýär. Birinjiden, ýurdumyzda himiýa senagaty üçin çig mallaryň uly gorlarynyň bolmagy, beýleki tarapdan, öndürilýän himiýa önümleriniň daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanmagy bu pudagyň kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak üçin mümkinçilikleriň bardygyna güwä geçýär. Bilşimiz ýaly, täze önümçilik kärhanalarynyň işe girizilmegi ýurdumyzyň önümçilik mümkinçiliklerini artdyrmak bilen bir hatarda, goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine hem mümkinçilik berýär. Netijede, ykdysady binýadyň pugtalanmagy durmuş meseleleriniň has-da içgin çözülmegi üçin şertleri döredýär.
Ýanwar-awgust aýlarynda bölek-satuw haryt dolanyşygynyň, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim ýokarlanmagy, bir tarapdan, içerki sarp ediş bazarynda ilatyň barha artýan islegleriniň kanagatlandyrylýandygyna, beýleki tarapdan, girdejileriniň yzygiderli artmagy netijesinde ilatyň tölege ukyplylyk derejesiniň artýandygyna hem şaýatlyk edýär. Şu döwürde daşary söwda dolanyşygynyň 38,6 göterim artmagy eziz Watanymyzyň halkara söwda giňişliginde tutýan ornunyň barha pugtalanýandygyny alamatlandyrmak bilen bir hatarda, oňa ýurdumyzda maksatlaýyn amala aşyrylýan daşary söwda strategiýasynyň oňyn netijeleriniň biri hökmünde baha bermek bolar.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ykdysady strategiýasynda ýurdumyzyň önümçilik we söwda kuwwatyny artdyrmakda türkmen işewürleriniň mümkinçiliklerini ulanmaklyga aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň häzirki şertlerinde kiçi we orta telekeçilige ýardam bermek we olary ösdürmek çäreleriniň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlendi. Geçen sekiz aýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgininiň 168,6 göterime, senagat önümleriniň bolsa 114,8 göterime deň bolmagy ykdysadyýetiň döwlete dahylly däl böleginiň ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde, azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde uly güýç bolup durýandygyny görkezdi.
Jemgyýetçilik ösüşinde bolşy ýaly, ykdysady ösüş hem dialektik kanunyň esasynda bolup geçýär, ýagny amala aşyrylýan köpugurly we köp sanly ykdysady özgertmeler ösüşiň hil taýdan tapawutlanýan täze tapgyryna geçilmegini şertlendirýär. Tutuş dünýä giňişliginde ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy bilen bagly hadysany bu kanunyň netijesi hökmünde görkezmek bolar.
ХХI asyr sanly özgertmeleriň amala aşyrylýan döwri hasaplanýar. Ykdysadyýetde emele gelen bu döwür işewürligiň täze görnüşleriniň ýüze çykmagyna hem şert döretdi. Geçen asyryň ahyrynda ýüze çykan elektron işewürlik dünýäniň ykdysady keşbiniň özgermegine getirdi. Elektron işewürligiň döremegi bilen baglylykda ykdysadyýetiň düzümi, şeýle-de işewürligi ýöretmegiň usullary hem üýtgeýär. Hususan-da, sarp edilýän harytlaryň bazarynda düýpli özgerişlikler bolup geçýär. Ýurtda internet ulgamynyň ösmegi elektron işewürligiň ösmegine şert döredýär, şol bir wagtda internetden peýdalanyjylar wirtual bazaryň bir bölegini düzýär. Häzirki döwürde bazar gatnaşyklarynyň wirtuallaşmagy dünýä ykdysadyýetine häsiýetli bolan hadysalaryň biri bolup, onuň netijeleri her birimiziň gündelik durmuşymyza oňyn täsirini ýetirmegi dowam edýär. Elektron işewürligiň wirtual subýektlerini özüne çekmäge gönükdirilen syýasaty amala aşyrýan döwletleriň strategik taýdan utuş gazanýandyklaryna tejribe şaýatlyk edýär.
Bu gün innowasion ösüşiň esasy hökmünde elektron işewürligi ösdürmegi, onuň infrastrukturasyny döretmegi maksat edinýän ýurtlar has köp bäsdeşlik artykmaçlyklardan peýdalanýarlar. Dünýä ykdysadyýetine amatly goşulyşýan biziň ýurdumyzda hem bu ugurda saldamly işler amala aşyrylýar. Mejlisde hormatly Prezidentimiziň haly we haly önümleriniň elektron söwdalaryny guramagy, buýurmalary resminamalaşdyrmak, bu önümleriň taýýarlanylyşyny hem-de ýerlenilişini sanlylaşdyrmak işlerini dowam etdirmegi möhüm wezipe hökmünde kesgitlemegi elektron işewürligiň döredýän artykmaçlyklaryny bagtyýar durmuşymyzyň hatyrasyna ulanmak ugrunda ädilen ýene-de bir ädimleriň biridir. Mundan başga-da, hususy önüm öndürijilere täze bazarlary, önümleri ýerlemegiň usullaryny gözlemekde ýardam bermek bilen bagly meselelere aýratyn ähmiýet berilmeginde hem uly many bar. Çünki ýurdumyzda hususyýetçilik işiniň işjeňleşmegi ýerli çig mal serişdelerinden öndürilýän önümleriň görnüşleriniň we möçberleriniň artmagyna getirdi. Bu önümleri daşarky bazarlara çykarmagyň gurallarynyň döwrebap derejede kämilleşdirilmegi döwrüň bildirýän talaplarynyň biri bolup, ol bazar gatnaşyklaryny giňden ösdürmäge, onuň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmaga mümkinçilik berer.
«Türkmenistan» gazeti, № 236 (30502). 12.09.2022ý.