21.03.2023
Şu gün Türkmenistan Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ruhubelentlik bilen garşylady. Bu baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar, däp bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyryldy....
20.03.2023
Şu gün paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahat öz işine başlady. Forumyň işine halkara guramalaryň wekilleri, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň şu ugur boýunça ýöriteleşen kompaniýalarynyň, şol sanda Özbegistanyň, Hytaýyň, Horwatiýanyň, Bolgariýanyň, Eýranyň, Günorta Koreýanyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar...
19.03.2023
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň hem-de etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär....
18.03.2023
Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Watanymyzy gülläp ösýän künjege öwürmek boýunça giň möçberli ählihalk bag ekişliginiň ýazky möwsümine badalga berildi. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde saýaly, pürli we miweli bag nahallarynyň ýüz müňlerçesi ekildi....
17.03.2023
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy....
16.03.2023
Mart aýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi özüniň döredilmeginiň 15 ýyllygyny belleýär. Geçen döwürde döwletiň hemmetaraplaýyn goldawy bilen netijeli döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ýola goýuldy. Türkmen telekeçiliginiň gerimi giňäp, ol hil taýdan ösdi, telekeçileriň sany barha artýar. Hususy pudagyň ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň, innowasiýa ösüşi, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we sanlylaşdyrmak, daşary ýurtlardan ge...