Makalalar

05.08.2019

YKDYSADY DIPLOMATIÝA: BELENT SEPGITLERI NAZARLAP

Türkmenistan bu gün dünýä bileleşigine ygtybarly ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn nusgasyny görkezýär. Bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dünýäniň 100-den gowrak döwletleri bilen ýola goýan söwda-ykdysady gatnaşyklary hormatly Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýan ykdysady diplomatiýanyň netijeliliginden nyşan. Şol bir wagtda bu ýagdaý halkara ykdysady giňişliginde ýurdumyzyň tutýan ornunyň pugtalanýandygyny alamatlandyrýan möhüm ölçegdir. «Ösüş arka...

05.08.2019

HÜNÄRI BARYŇ – HORMATY BAR

Pederlerimiz öz perzentleriniň ylymly-bilimli, hakyky hünär eýeleri bolmaklary barada hemişe alada edipdirler. Bu olaryň nesilden-nesle geçip şu günlere ýetip gelen pendi-nesihatlarynda, gyzyla gaplaýmaly dürdäne sözlerinde öz beýanyny tapypdyr. Olar çagalaryny «Ýigide müň hünär hem azdyr», «Bilegi zor birini ýykar, bilimi zor müňüni», «Ylymsyza ynanç ýok, hünärsize guwanç ýok», «Hünärli adam hor bolmaz» diýen paýhasly sözler arkaly terbiýeläpdirle...

03.08.2019

HAZAR DEŇZINDE HYZMATDAŞLYK: ÝETILEN SEPGITLER WE MÜMKINÇILIKLER

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere besleýän möhüm wakalaryň şaýady bolýarys. Bu taryhy wakalar halkymyzyň hakydasynda we Diýarymyzyň taryhynda öçmejek yz goýup, dünýä jemgyýetçiliginiň döwletimize bolan gyzyklanmasyny barha artdyrýar. Çünki hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty milli bähbitlerden ugur alýar hem-de umumadamzat bähbitlerine gönükdirilýär....

31.07.2019

RAÝAT GORANYŞY BOÝUNÇA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

2019-njy ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň merkezi edarasynda “Tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda halas ediş işlerini gurnamak” meseleleri barada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirligi bilelikde guradylar. Wagyz-n...

25.07.2019

BILIM HYZMATLARY: MÖHÜM WEZIPELER, DÖWREBAP ÇEMELEŞMELER

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2019-njy ýylyň 5-nji iýulyndaky giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün edýän ugurlarda ýetilen sepgitler, gazanylan netijeler, şeýle-de ýurdumyzyň mundan beýlägem rowaçlanmagy üçin öňde duran wezipeler barada giňden durlup geçildi. Bu mejlisde ýurdumyzyň ykdysadyýetini zerur hünärmenler bilen üpjün etmegi göz öňünde tutýan hünär bilimi ulgamynyň kämilleşdirmek, bilim hyzmatlary bazarynda özge...

22.07.2019

EŞRETLI DURMUŞYMYZYŇ BÄHBIDINE

5-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde habar berlişi ýaly, şu ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 9,5 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Bu mejlisde hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan «Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döw...